Türkmenistan bilen UNIDO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy

photo

2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Senagat ösüşi guramasynyň (UNIDO) Baş direktorynyň orunbasary Fatu Haýdaranyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda Türkmenistan bilen UNIDO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi boýunça pikir alyşdylar. Senagatlaşma we akylly şäher ösüşi pudagyndaky “ýaşyl çemeleşme” babatynda taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Arkadag şäherine berlen UNIDO-nyň minnetdarlyk şahadatnamasynyň durnukly senagat ösüşiniň we 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň gazanylmagynyň çäginde Türkmenistanyň alyp barýan işlerine berilýän ýokary bahany alamatlandyrýandygy bellenildi.

Taraplar UNIDO-nyň çäginde geçiriljek çärelere gatnaşmak bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.