LLDC 3-iň çäginde Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Walid bin Abdulkarim Al-Hureýjiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýokary we iň ýokary derejelerdäki saparlaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Diplomatlar syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga aýratyn üns berdiler.

Taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çägindäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda türkmen-saud hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge özara gyzyklanma bildirildi.