Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri bilen duşuşygy

photo

2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali ben Naser Al-Misnediň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn syýasy dialogy ösdürmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ýaly özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar.

Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, şeýle hem halkara guramalarynyň çägindäki hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi. Iki ýurduň arasynda gol çekilen resminamalary işjeň durmuşa geçirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara hormat goýmak we deňlik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.