Türkmenistanyň wekiliýeti YHG-nyň “Durnukly we howanyň üýtgemegine durnukly geljek üçin YHG-nyň täze garaýşy” atly 17-nji sammitine gatnaşdy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda Hankendi şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) “Durnukly we howanyň üýtgemegine durnukly geljek üçin YHG-nyň täze garaýşy” atly 17-nji sammitine gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda sammitiň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, tagallalary utgaşdyrmak we durnukly, inklýuziw we deňagramly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ylalaşylan çözgütleri işläp düzmek üçin ýokary derejeli platforma öwrülendigi bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow öz çykyşynda 2035-nji ýyla çenli YHG-na agza ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlygynyň maksatlaryny we ileri tutýan ugurlaryny kesgitlemäge niýetlenen täze maksatnama resminamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýetini belledi.

Türkmenistan ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda täsirli logistika ugurlaryny döretmegi, energiýa üpjünçilik ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy, ýaşyl energetikany ösdürmegi, söwdany ösdürmek babatyndaky päsgelçilikleri aýyrmagy, maýa goýumlary çekmegi hem-de häzirki zaman tehnologiýalar we innowasiýalar pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi kesgitläp, YHG-nyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda, energiýa çeşmeleriniň ygtybarly daşalmagyny üpjün etmek we sebitiň energiýa howpsuzlygyny berkitmek maksady bilen YHG-na agza ýurtlaryň energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak boýunça mehanizmi döretmek mümkinçiligine garamak teklip edildi.

YHG-nyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen ulag-logistika ulgamlaryny mundan beýläk hem birleşdirmek boýunça iş alyp barmak teklip edildi.

Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň üsti bilen işewür toparlaryň arasyndaky göni gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy hem bellenildi.

Mundan başga-da, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň YHG-nyň sebitiniň mundan beýläk hem birleşmegi we gülläp ösmegi üçin binýady berkitjekdigi nygtaldy.

Çärä gatnaşyjylar Sammitiň netijeleriniň YHG-na agza ýurtlaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga goşant goşjakdygyny bellediler.