Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Russiýa Federasiýasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirdi

2025-nji ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Iwan Wolynkiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ýaňy ýakynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň birnäçe möhüm taraplary barada pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik bolandygy bellenildi.
Şeýle-de diplomatlar S.W.Lawrowyň ýakyn wagtda Türkmenistana amala aşyrjak saparyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler ynsanperwer ugurdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini hem bellediler. Türkmen tarapynyň soňky wagtda Ýakyn Gündogar sebitinde bolup geçýän wakalar sebäpli öz ugruny üýtgetmäge mejbur bolan Russiýanyň S7 awiakompaniýasynyň howa gämisine gonmaga mümkinçilik döretmegi munuň aýdyň mysaly boldy.
Bellenilişi ýaly, türkmen tarapy adamlar üçin ähli zerur bolan şertleri, şol sanda iýmitlenmäge, derman we beýleki durmuş serişdelerine elýeterligi dessin döretdi. Şunuň bilen baglylykda, rus diplomaty berilen goldaw üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna çuňňur hoşallygyny bildirdi.
Şol gün Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Iwan Wolynkin Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hatlary ýollady. Hatlarda “2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Nowosibirsk–Dubaý ugry boýunça uçuşy amala aşyrýan Russiýanyň uçarynyň Aşgabadyň Halkara howa menzilinde gonan döwründe berlen ýardamlar üçin” rus tarapynyň sagbolsuny beýan edilýär.
Hususan-da, 170 sany ýolagçynyň, şol sanda 22 sany çaganyň we 10 sany ekipažyň agzalarynyň Aşgabadyň howa menzilinde bolan wagtynda iýmit, içgiler we hyzmatlaryň doly toplumy bilen üpjün edilendigi bellenildi.