Türkmenistanda Litwa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Litwa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kestutis Waşkelýawiçýusdan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de döwletara gatnaşyklary berkitmek ugrunda alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili, öz gezeginde, Litwa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle hem Ilçi sebitde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilen, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna goldaw berýän Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda diplomata ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi esasy ugur edinýän döwlet syýasaty barada giňişleýin gürrüň berildi.
Şeýle hem diplomat milli parlamentiň düzümi, onuň kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak, konstitusion özgertmeleri geçirmek boýunça alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy.
Türkmenistan bilen Litwa Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi boýunça pikir alyşmalar boldy.
Duşuşygyň ahyrynda Ilçi Kestutis Waşkelýawiçýus dostluk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogy giňeltmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.