img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeş boldular

photo

2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Russiýa tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar türkmen-rus gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine garadylar.

Ministrler Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky özara gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.