img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

«Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň resminamasy hökmünde çap edildi

photo

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumynyň Jemleýji resminamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi.

Resminamanyň teksti bilen şu salgy boýunça tanyşyp bilersiňiz: https://documents.un.org/doc/undoc/gen/n24/306/92/pdf/n2430692.pdf