Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Döwlet Geňeşiniň we Ministrler Geňeşiniň Başlygyna gynanç bildirdi

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kuba Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň we Ministrler Geňeşiniň Başlygy jenap Migel Mario Dias-Kanel Bermudese Gawana şäheriniň Halkara howa menziliniň golaýynda ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirendigi zerarly, gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.