Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi

2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna netijeli pakistan-türkmen dialogyny ösdürmäge ähmiýet berýän Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň hem-de ýurduň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny beýan edip, doly ygtyýarly wekili ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa köpugurly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmäge gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Taraplaryň gyzyklanmasyny hem-de ägirt uly kuwwata eýe bolan iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň ösüşini nazara almak bilen, uzak geljegi nazarlaýan söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi.

Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini gurmak, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan (TOP) ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny we elektrik geçirijisini çekmek taslamalaryny durmuşa geçirmegiň depginini mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

 Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylmagy tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine kuwwatly itergi berer.

Däp bolan ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygyň wajypdygy nygtaldy. Medeniýet we sungat ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, bilelikdäki Medeniýet günleriniň, sergileriň, ylmy-döredijilik forumlarynyň hem-de beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi bu gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow diplomaty Türkmenistanda işläp başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlady we oňa jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.