“Magtymguly Pyragynyň ruhy mirasy - dostlugyň we parahatçylygyň simwolydyr” atly halkara ylmy maslahaty
2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherindäki Konsullygynyň gurnamagynda Ş.Ýesenow adyndaky inženerçilik we tehnologiýa döwlet uniwersitetiniň binasynda beýik türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Magtymguly Pyragynyň ruhy mirasy - dostlugyň we parahatçylygyň simwolydyr " atly halkara ylmy maslahaty geçirildi.
Halkara maslahatyny geçirmegiň esasy maksady beýik nusgawy we akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny wagyz etmek, degişli ylmy gözlegleri çuňlaşdyrmak we giňeltmek, ýurtlaryň arasynda medeni hem-de ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekden ybarat boldy.
Maslahata Gazagystanyň Mangistau welaýatynyň häkiminiň orunbasary Zwiraga Tugelkyzy Esbergenowa, Ş.Ýesenow adyndaky inženerçilik we tehnologiýa döwlet uniwersitetiniň rektory Berik Baktyhanowiç Ahmetow, Aktau şäherinde akkredirtirlenen daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, taryhçylar, şahyrlar, ýazyjylar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Şeýle hem maslahata Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň wekilleri, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň, TDIM-iň Halkara gatnaşyklar institutynyň mugallymlary hem-de Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil edebiýat we milli golýazmalar institutynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň çäginde ýurdumyzyň milli gymmatlyklary bilen bilelikde sungat eserleriniň sergisi guraldy. Sergi türkmen halkynyň el işleri, şaý-sepler we dokma önümleri, milli egin-eşikler, ýüňden dokalan meşhur türkmen halylary köpleriň ünsüni özüne çekdi.