Türkmenistan goňşy Gazagystana çenli täze awtrassasyny gurar.

photo

4-nji maýda Türkmenistanyň Hökümetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew degişli şekilleri görkezmek bilen, “Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi” awtomobil ýolunyň hem-de onuň ugrundaky köpriniň gurluşygy boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda ulaglaryň ähli görnüşlerini ulanmak arkaly amatly we howpsuz halkara ulag geçelgeleriniň döredilendigini belledi. Munuň özi sebitde durnukly ösüşi, halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny, syýasy we medeni hyzmatdaşlygyň berkidilmegini, söwda haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagyny üpjün edýär. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda gurulýan awtomobil ýollarynyň, köprüleriň we okgunly ösýän ulag-aragatnaşyk düzüminiň beýleki möhüm desgalarynyň gurluşygyna aýratyn üns berdi.

Milli Liderimiz ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenbaşy multimodal ýolunyň dowamyna öwrüljek “Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi” awtomobil ýoly barada aýdyp, onuň ulanmaga berilmeginiň ulag gatnawynyň artdyrylmagyna hem-de goňşy ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberiniň ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berjekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Garabogaz aýlagynyň üstünde gurulýan köpriniň gurluşygynda ekologiýa howpsuzlygynyň kadalarynyň pugta berjaý edilmeginiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.