Aktau şäherinde “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabyna hem-de “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ýylyň şygaryna bagyşlanyp dabara geçirildi

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Konsullygynyň (Aktau ş.) binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar - Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyşy hem-de 2024-nji ýylyň “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Oňa Dünýä Türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary, Gazagystanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenler hem-de Aktau şäherinde bilim alýan Türkmenistanly talyp ýaşlar gatnaşdylar.  

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň  ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýaşlaryň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynda gazanan üstünlikleri hem-de ata – babalarymyzdan miras galan däp-dessurlara mynasyp eýe çykylmagy barada nygtalyp geçildi.

Şeýle hem 2024-nji ýyl “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegi mynasybetli akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini döwlet we halkara derejesinde bellemek bilen bagly alnyp barylýan giň göwrümli işler barada pikir alyşmalar geçirildi. Gatnaşyjylar akyldar şahyryň durmuşy hem-de onuň bilen bagly wideo ýazgylar görkezildi. Şeýle hem TÜRKSOÝ-da  2024-nji ýylda Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilendigi barada aýdyldy.