2016-njy ýylyň Türkmenistan Watanymyzda "Mirasa sarpa goýmak, Watany Özegertmek" ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp medeni çäre

2016-njy ýylyň 1-nji martynda, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (ş. Aktau) konsullygynyň başlangyjy bilen Mangystau oblastynyň Munaýly etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda 2016-njy ýylyň Türkmenistan Watanymyzda "Mirasa sarpa goýmak, Watany Özegertmek" ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp medeni çäre gurnaldy.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyryş sergiler, wideo filmler görkezildi we mekdep okuwçylarynyň türkmen hem-de gazak dillerinde goşgydyr-aýdymlar bilen çykyş etdiler.